Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada yza gaýdyşlyk


Hasabatda Türkmenistanda aýdylýan sözleriň real hakykata umuman gabat gelmeýändigi bellenýär.

Hasabatda Türkmenistanda aýdylýan sözleriň real hakykata umuman gabat gelmeýändigi bellenýär.

Ýakynda "Halkara krizis topary" Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky sosial, ykdysady we syýasy ýagdaýlar barada hasabat ýaýratdy. Hasabatda Türkmenistan bilen Özbegistanda aýdylýan söz bilen edilýän işlerin gabat gelmeýändigi aýdylýar.

"Halkara krizis toparynyň" Merkezi Aziýa ýurtlarynda Sowet Soýuzy dargandan soň, jemgyýetiň infrastrukturasynda emele gelen ýagdaýlar barada ýaýradan hasabatynda aýdylmagyna görä, garaşsyzlyga çykylanyna 20 ýyl bolan bolsa-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady we sosial pudaklarynda göze ilerlik oňyn özgerişlik ýok.

"Sowet döwründe gurlan ýollar, elektrostansiýalar, keselhanalar we mekdepler könelip, ýykylyp-ýumrulyp barýar. Sowet döwründe okap, bilim alan spesialistleriň sany hem indi kem-kem azalýar, olar pensiýa çykýarlar. Garaşsyzlyga çykylandan soň, halk-hojalygynyň infrastrukturasyny gorap saklamak ýa-da ony täze tehniki enjamlar bilen üpjün etmek barada aýratyn bir alada edilmedi" diýlip, bu hasabatda bellenilýär.

Hasabatda infrastrukturany saklamak üçin niýetlenilen maliýe serişdeleriniň hem köp böleginiň döwlet çinownikleri tarapyndan dargadylyp, ýok edilendigi, korrupsiýanyň bu ýagdaýy has-da ýaramazlaşdyrandygy aýdylýar.

"Halkara krizis toparynyň" bellemegine görä, şu ýagdaýlar hem regiondaky ilatyň närazylygyna getiripdir we bu Gyrgyzystanda döwlet agdarlyşygyna sebäp bolupdyr.

Gyrgyzystan we Täjigistan

Bu meselede Merkezi Aziýada iň gözgyny ýagdaý Gyrgyzystan bilen Täjigistanda. Olaryň öz spesialistleriniň sözlerine görä, ýene birnäçe ýyldan bu ýurtlarda hatda çagalary okatmak üçin mugallymlaryn we näsaglary bejermek üçin lukmanlaryň tapylmazlygy-da mümkin.

Täjigistanda gyşyň sowugynda 12 sagadyň dowamynda elektrik togunyň berilmezligi tradisiýa öwrüldi. Gyrgyzystanda hem toguň wagtal-wagtal öçürilmegi adaty bir ýagdaý hasaplanylýar.

Ýerli ekspertler bu iki ýurduň geljekde elektrik krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar diýip, "Halkara krizis toparynyň" hasabatynda bellenilýer.

Hasabatda Türkmenistan bilen Özbegistanyň meňzeş ugurlar boýunça barýandyklary we bu ýurtlarda aýdylýan sözleriň real hakykata umuman gabat gelmeýändigi aýdylýar.

Regionda ösen döwlet hasaplanýan Gazagystan hem transport we tehniki ugurdan kadrlara, şeýle hem infrastruktura zerurlyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Ýeke-täk sistema baglydylar

Söwet döwründe regionyň bäş respublikasy energetika we transport pudagynda ýeke-täk sistema baglanylgydy. Garaşsyzlyga çykylandan soň, bu ýagdaý hem özboluşly kynçylyk döretdi.

Umuman, bilim we saglygy saklaýyş pudaklarynda-da Sowet döwründen galan mirasa daýanylyp, bu pudaklara goýberilen pullar hem başga zatlara biderek sarp edildi. Munuň netijesinde bu pudaklar gözgyny ýagdaýa düşdi.

Ýurtlardaky işsizlik hem ilatyň has garyplaşmagyna getirdi. Bu ýagdaýdan yslamçy toparlar hem özleriniň maksady üçin peýdalanyp başladylar.

Ykdysady ösüş, garyplaryň sanyny azaltmak bu ýurtlaryň arzuwyna öwrülip, olar işçi güýjüni eksport etmek tendensiýasyna garaşly bolup galdylar.

Rekomendasiýalar berilýär

"Halkara krizis toparynyň" Merkezi Aziýa proýektiniň direktory Paul Kuin Jadj regionyň ýolbaşçylarynyň häzirki emele gelen çuňňur problemalaryň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri görmelidigini nygtaýar.

Ýurtdaky korrupsiýa, garyplyk, ykdysady ösüşiň ýoklugy, bilim almagyň, saglygy bejertmegiň hemmeler uçin elýeterli bolmazlygy Gyrgyzystanda aprel aýynda prezident Bakyýewiň hökümetiniň agdarylmagyna getirdi.

Elbetde, beýle ýagdaýyň goňşy respublikalarda hem gaýtalanmagy ahmal, esasan-da şeýle ýagdaý Täjigistanda bolup biler diýip, "Halkara krizis topary" duýdurýar.

Hasabatda bu ýagdaýyň öňüni almak üçin etmeli işler barada hem rekomendasiýalar berilýär. Şol rekomendasiýalara görä, ozaly bilen Merkezi Aziýanyň liderleri öz hökümetlerini sistematik korrupsiýadan halas etmeli. Baltika respublikalarynyň we Gürjüstanyň mysalynda korrupsiýa garşy uzak möhletli plan işläp düzmeli.

Tebigy resurlardan gelýän girdejiler diňe kiçijik bir toparyň baýamagy üçin ulanylman, işgärleriň aýlyklaryny para almaga mätäç bolmadyk ýagdaýa ýetirmek maksatlary bilen ulanylmalydyr diýlip, hasabatda aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG