Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Men bu ýurt barada näme bilýärin?”


Konkurs: "Türkmenistan. Men bu ýurt barada näme bilýärin?” diýen sözbaşy bilen yglan edilýär.
Konkurs: "Türkmenistan. Men bu ýurt barada näme bilýärin?” diýen sözbaşy bilen yglan edilýär.
Orsýetde hereket edýän “Mužestwo i Gumanizm” atly Halkara bileleşik, GDA-nyň Daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlar boýunça federal agentligi, Türkmenistan bilen medeni we işçi gatnaşyklar boýunça dostluk guramasy hem-de “Ors-Türkmen öýi” döredijilik konkurslaryny yglan edýärler.

Konkurslar üçin işler 2011-nji ýylyň mart-oktýabr aýlary aralygynda kabul ediler. Işlere edebi we çeper döredijilik, amaly-haşam sungat, barlag we tematiki kategoriýalardan baha berler.

Konkursyň Guramaçylar komitetniň býurosyna, hususan-da, Orsýetiň halk artisti Myrat Annamämmedow, Orsýetiň kinematografistler bileleşiginiň agzasy Alty Artykow, arheolog we taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Sarianidi, aktrisa Žanna Smelýanskaý girýärler.

Dostluk ylalaşygynyň 10 ýyllygyna

“Türkmenistan. Men bu ýurt barada näme bilýärin?” diýen sözbaşy bilen yglan edilen konkurs Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk hem hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygyň baglaşylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanýar we Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň 70 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.

Konkursyň maksady Orsýetiň ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine we ykdysadyýetine gyzyklanmany güýçlendirmekden ybarat. Konkursyň guramaçysy “Mužestwo i Gumanizm” atly Halkara bileleşigiň müdiri Wasiliý Kriworotenkonyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu konkurs diňe ýaşlar bilen çäklenmeýär.

“Biz bu konkursa ýaşlaryň, olaryň ene-atalarynyň, ata-babalarynyň we umuman Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan adamlar goşularlar diýip, umyt edýäris. Konkurs ilatyň dürli gatlaklaryna gönükdirilýär. Syýasata gatnaşygy bolmadyk proýekt dürli pikirli hem syýasy ynançly adamlar üçin açykdyr” diýip, W.Kriworotenko aýtdy.

Türkmenistana degişli bu konkurs Orsýetde üçünji sapar geçirilýär. Onuň ozalky tapgyrlaryna 10 müňe golaý adam gatnaşyp, 400 laureat sylaglanypdy. Sylag hökmünde Moskwadan we Orsýetiň Kirow welaýatyndan bolan mekdep okuwçylarynyň topary Aşgabada sapar edipdi.

Orsýet boýunça konkurs

Türkmenistan boýunça Orsýetde geçirilýän bu konkurs bilen bir hatarda Orsýet boýunça hem konkurs yglan edilýär. Wasiliý Kriworotenkonyň sözlerine görä, “Orsýet. Men bu ýurt barada näme bilýärin?” sözbaşyly konkurs ilkinji gezek geçirilýär we oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýaşaýjylary, şeýle-de beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenler çagyrylýar.

“Biz bu konkursa gatnaşmak boýunça maglumatlary we onuň geçirilmegine degişli düzgünleri Orsýetde we Türkmenistanda ýaşaýan türkmenler bilen deň derejede beýleki ýurtlardaky türkmenlere hem doly derejede ýetirmäge çalyşýarys, şol sanda Owganystana, Eýrana we Hytaýa” diýip, W.Kriworotenko aýtdy.

Kriworotenkonyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu aksiýanyň ýene bir maksady Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda gumanitar gatnaşyklary ösdürmek boýunça iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk guramalary we bileleşikleri goldamakdan ybarat. Bu maksat bilen ýakyn wagtda Orsýetde we beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmen studentleriniň gatnaşmagynda ýörite konferensiýanyň geçirilmegine taýýarlyk görülýär.

“Inisiatiwa basyş edilýär”


Wasiliý Kriworotenko Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça proýektiň çäginde Moskwada Magtymgulynyň ýadygärligini döretmek, türkmen-rus gepleşik sözlügini düzmek, Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ykbalyny anyklamak ýaly başlangyçlaryň düýbüniň tutulýandygyny we inisiatiwalaryň kabul edilýändigini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de proýekte gatnaşýan ýa gatnaşmaga isleg bildirýän adamlara, olaryň garyndaşlaryna Türkmenistanda basyş edilýär diýip, W.Kriworotenko aýtdy.

Konkursyň guramaçylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, beýleki ýurtlaryň ilçhanalaryndan tapawutlylykda, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy konkursyň guramaçylygyna gatnaşmaýar, gyzyklanma hem bildirmeýär, dialogdan saklanýar. 10 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ilçihanasy medeni gatnaşyklara degişli ýüzlenmelere resmi derejede jogap bermän gelýär.

Türkmenistan we Orsýet boýunça yglan edilen döredijilik konkurslaryny gurnamak işine “Orsýetli we türkmenistanly türkmenleriň kongresi atly” täze döredilýän gurama hem gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG