Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmekçi


Gyrgyzystanyň Baş prokurory Kubatbek Halbekowiç Baýbolow

Gyrgyzystanyň Baş prokurory Kubatbek Halbekowiç Baýbolow

Gyrgyzystanyň käbir regionlarynda organ işgärleriniň jenaýat dünýäsiniň hereketlerine sowuk-sala seretmegi halkyň olaryň işinden nägile bolup, mitinglere çykmagyna sebäp bolup başlady.

Bazar güni Jalalabat welaýatynyň Maýly Suu şäherçesinde 500-den gowrak adam mitinge çykdy. Mitinge gatnaşanlar welaýat we etrap milisiýa bölümleriniň başlyklarynyň wezipesinden boşadylmagyny talap etdiler.

Gyrgyzystanda jenaýatçylygyň güýçlenmegi, Içeri işler we prokuratura ulgamyndaky jenaýat dünýäsi we ýurtdaky korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreş barada birnäçe sowallara Gyrgyzystanyň Baş prokurory Kubatbek Halbekowiç Baýbolow jogap berdi.

Azatlyk Radiosy: Kubatbek Halbekowiç, ýekşenbe güni Maýly Suu şäherçesinde bolup geçen mitingden soň Jalalabat welaýatynyň Içeri işler bölüminiň başlygynyň hem-de Maýly Suu şäherçesinin Milisiýa bölüminiň başlygynyň dört orunbasary bilen bile wezipesinden boşadylandygy habar berildi. Sizde bu barada resmi maglumat barmy?

K.Baýbolow: Elbetde, bizde maglumat bar. Biz olaryň alyp baran işleri boýunça derňew işlerini hem geçirdik. Bu meseläni biz 12-nji fewralda prezident Roza Otunbaýewanyň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatyň gün tertibinde goýarys we berk çäre göreris.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanyň jenaýat dünýäsinde guramaçylykly jenaýat toparynyň höküm sürýändigini 5-nji fewralda Roza Otunbaýewa aýdyp geçdi. Ýurtda täze ýyldan jenaýatçylyga garşy göreşiň güýçlendirilendigi hem göze ilýär. Emma adamlaryň arasynda jenaýat dünýäsiniň esasy jenaýatçylary ele salynman, iň pes wezipelerde işleýänleriniň ele salynýandygyndan närazylyk bildirýänler bar. Bu barada siz näme aýdarsyňyz?

K.Baýbolow: Elbetde, birnäçe ýyllardan bäri jemgyýete ornaşan jenaýatçylary biz 5-6 günüň içinde ýok edip bilmeris. Oňa bizde mümkinçilik hem ýok. Biz olaryň ulularyny-da, kiçilerini-de kanuna laýyklykda jogapkärçilige çekmäge taýýar.

Azatlyk Radiosy: Milisiýa we prokuratura organlaryndaky korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşiň netijesi bolarmy? Meselem, bu Baltika döwletlerinde we Gurjustanda çalt çözüldi.

K.Baýbolow: Hiç wagt prokuratura işgärlerini jogapkärçilige çekmek diýilýän ýagdaý bolmandy. Soňky 5-10 ýylyň dowamynda prokuratura we beýleki güýç ulanyjy edaralaryň işgärleri özlerini Hudaý ýaly duýup başladylar. Täze zaman başlanyp, täze talaplar goýlaly bäri Bişkek şäher prokuraturasynyň käbir işgärlerine garşy jenaýat işi açyldy. Olar eden jenaýatlary üçin jogap bermegiň öňüsyrasynda durlar. Mundan başga-da berk çäreler görülýär.

Azatlyk Radiosy: Nähili çäreler?

K.Baýbolow: Gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, jebir çeken adamlary dünýä bilen hoşlaşmak derejesine ýetiren prokurorlar wezipesinden boşadylyp, hukuk jogapkärçiligine çekilýär.

Azatlyk Radiosy: Ele salnan adamlary türmä basmak üçin rugsat bermek işiniň prokuraturadan suda geçirilmegi-de bu pudaklarda korrupsiýanyň ösmegine sebap boldy. Eýse, muňa garşy siz nähili çäre görýärsiňiz?

K.Baýbolow: Meselem, prokuraturada häzir gulluk wezipesi boýunça derňew dowam edýär. Öň beýle zat ýokdy. Ol ýerde ýörite bir topar gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanan prokurorlaryň jenaýat işleri boýunça iş alyp barýarlar. Olar bu ýagdaý bilen bagly her bir maglumaty barlaýarlar.

Ikinjiden, 1-nji fewraldan prokuratura işe almak tertibi düýpden üýtgedi. Öňler tanyş-biliş, pul bilen islendik adam prokuratura işe ýerleşip bilýän bolsa, häzir diňe KNB-ä işe alynýanlaryňky ýaly tertip bilen barlanyp, alty aýdan soň işe alynmagy mümkin. Prokuratura ulgamynda işlemäge höwes edýänler ýedi pyşdyna çenli barlanyp, işe alynýar. Beýle çäräniň biziň organlarymyzyň arassalanmagyna kömek berjekdigine men ynanýaryn.
XS
SM
MD
LG