Sepleriň elýeterliligi

Mary şäheriniň bazarynda ýangyn ýüze çykdy


Şu öten gije Türkmenistanyň Mary şäherindäki merkezi gök bazarynda uly ýangynyň ýüze çykandygy barada maglumat alyndy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýerli ýaşaýjylar bu ýangynyň gök bazarynyň howlusynyň çäginde ýerleşýän toý lybaslarynyň dükanynda ýüze çykyp, şondan hem beýleki dükanlara ýaýrandygyny aýdýarlar.

Edil häzirki wagt bu ýangynyň anyk nämeden ýüze çykandygy we onuň Marynyň gök bazaryna näderejede zyýan ýetirendigi barada anyk maglumat alynmady.

Marynyň merkezi gök bazarynda gök önümlerden daşary senagat önümlerini satýan dükanlar hem köp.
XS
SM
MD
LG