Sepleriň elýeterliligi

Kairiň merkezinde köpçülikleýin protestler dowam etdi


Duşenbe güni Müsüriň paýtagty Kairiň merkezinde köpçülikleýin protest çykyşlary ýene dowam etdi.

Hepdäniň ýekşenbe güni Müsüriň ýokary derejeli hökümet resmileriniň ýurduň oppozisiýa toparlarynyň wekilleri bilen gepleşik geçirendiklerine-de garamazdan, oppozisiýa toparlary wada berilýän reformalaryň ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Müsüriň hökümeti göz öňünde tutulýan reformalara gözegçilik etmek üçin prezident Hosni Mubaregiň öz wezipesinde galmalydygyny öňe sürýär. Oppozisiýa toparlary bolsa onuň haýdan-haý wezipesinden çekilmegine aýak direýärler.

Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Filip Krowleý Müsürde ýakyn wagtlarda azat saýlawlaryň geçirilmeginiň uly kynçylyklary döretjekdigini aýdyp, ýurtda ädimme-ädim geçiş prosesiniň bolmalydygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG