Sepleriň elýeterliligi

Kosowadaky saýlawlaryň netijesi yglan edildi


Kosowada dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynyň gutarnykly resmi netijesi duşenbe güni yglan edildi.

Bu yglan edilen netijelere görä, Kosowanyň häzirki premýer-ministri Haşim Taçiniň Demokratik partiýasy iň köp ses alan partiýa hasaplanylýar. Onuň partiýasy 120 orunlyk parlamentden 34 orun alypdyr.

Ikinji orunda esasy oppozision partiýa hasaplanylýan Demokratik Liga partiýasy durýar. Bu partiýa parlamentden 27 orun alypdyr.

Indi Haşim Taçiniň Demokratik partiýasy parlamentde dolandyryjy koalisiýany döretmeli bolar.

Ýöne orunlaryň sany boýunça ikinji orny eýelän oppozision Demokratik Liga partiýasy Haşim Taçiniň partiýasy bilen koalisiýa döretmejekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG