Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Günorta Sudanyň referendumyny gutlady


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Günorta Sudanyň öz garaşsyzlyk meselesi boýunça geçiren referendumyny gutlap çykyş etdi.

Bu regionyň saýlaw komissiýasynyň düýnki resmi maglumatyna görä, 9-njy ýanwardan 15-nji ýanwar aralygynda geçirilen referendumda Günorta Sudanyň ses berijileriniň 99 prosente golaýy regionyň garaşsyzlygyny goldap ses beripdir.

Şeýle referendumyň geçirilmegi 2005-nji ýylda ýurduň içerki graždanlyk urşunyň öňüni almak maksady bilen Sudanyň günorta we demirgazyk regionlarynyň arasynda baglaşylan parahatçylyk baradaky ylalaşygynda göz öňünde tutulypdy.

Sudanyň prezidenti Omar Hassan al-Başir ýurduň günorta regionynyň özbaşdaklygy boýunça geçirilen referendumy we onuň netijelerini kabul edýändigini aýdyp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG