Sepleriň elýeterliligi

Muzeý işleri boýunça türkmen-amerikan gatnaşyklary maslahat edildi


Duşenbe güni Aşgabatda, Türkmenistanyň milli muzeýinde muzeý işleri boýunça türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlanylyp ýörite konferensiýa geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Medeniýet we teleradiogepleşikler ministrliginiň Aşgabatdaky amerikan ilçihanasy bilen bilelikde gurnan bu forumyna Türkmenistanyň medeniýet we sungat pudagynyň ýolbaşçylarydyr spesialistleri hem-de Birleşen Ştatlaryň ýörite delegasiýasy gatnaşdy.

Türkmenistanda saparda ýören amerikan delegasiýasyna Birleşen Ştatlaryň Smitson institutynyň Aziýanyň medeni taryhy boýunça programmasynyň direktory Pol Maýkl Teýlor ýolbaşçylyk edýär.

Forumda muzeý işleri boýunça özara hyzmatdaşlyklary ösdürmek meselesinden daşary, taryhy maglumatlary elektron usulda arhiwleşdirmek, wirtual sergileri gurnamak, taryhy temalardan wideoprogrammalary we dokumental filmleri döretmek ýaly meseleler boýunça-da pikir alşyldy.
XS
SM
MD
LG