Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Guardian» gazetiniň žurnalisti Orsýete goýberilmedi


Britaniýanyň «Guardian» gazetiniň žurnalisti Lýuk Harding Orsýetiň «mafiýa döwletine» öwrülendigi barada ýaýradan maglumaty üçin Orsýetiň territoriýasyna goýberilmedi.

«Guardian» gazeti bu gazetiň Moskwadaky habarçysy Lýuk Hardingiň şu geçen ýekşenbe güni Londondan yzyna dolanyp barmakçy bolanda, onuň ýurda goýberilmändigini habar berdi.

Maglumata görä, onuň Moskwanyň aeroportundan yzyna ugradylmagynyň sebäbi barada Orsýetiň resmileri hiç hili anyk düşündiriş bermändirler.

Bu wakanyň öňýany žurnalist Lýuk Harding Londonda bolanda «WikiLeaks» internet saýtyndan alnan maglumatlary kommentirläpdi.

Onuň ýaýradan şol maglumatlarynda Orsýetiň «mafiýa döwletine» öwrülendigi barada-da gürrüň edilýärdi.
XS
SM
MD
LG