Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: protestlerde zenanlar wajyp rol oýnaýarlar


Mubarage garşy geçirilen protestleriň ilkinji günlerinde çykyş edenleriň dörtden bir bölegi aýallar diýilýär.
Mubarage garşy geçirilen protestleriň ilkinji günlerinde çykyş edenleriň dörtden bir bölegi aýallar diýilýär.
Semer Osman “Facebook” internet saýtynda Kairiň merkezindäki protestlere gatnaşmaga çagyryşlary görende, muňa başda ynamsyz garapdy. Şeýle maglumatlar “Facebook” sahypasynda öňem köp duş gelýärdi, emma mundan netije çykmaýardy.

Ýöne Tahrir meýdançasynda iň köp sanly protest çykyşlaryň bolan güni, 25-nji ýanwarda, Semer hökümete bolan öz gahar-gazabyny beýan etmek üçin mümkinçilikden peýdalanmak kararyna geldi. Ol bu hakda “Men diktaturadan halys boldum. Ýaşlaryň öz arzuwlaryndan we umytlaryndan mahrum edilmeginden halys boldum” diýýär.

Semer we müsirli beýleki zenanlar protestlere gatnaşmak bilen ýurduň konserwatiw sosial ýagdaýyna närazylygyny bildirmek bilen bir hatarda munuň jemgyýetiň durmuşyndaky roluny hem nygtadylar.

Protestçileriň dörtden biri zenandy

Semer şu saparky çykyşlarda sosial çäklendirmeleriň aradan aýrylanlygyny belledi. Onuň sözlerine görä, adatça, eneler syýasy protestlere gatnaşmagyň howpludygana göz ýetirip, öz çagalarynyň şeýle protestlere gatnaşmagyna garşy bolýarlar. Emma şu sapar eneleriň özleri protestlere gatnaşdylar we tussaglyga ýa turmä taýýardyklaryny görkezdiler.

Ýagdaýlar dartgynlaşanda, zenanlara we çagalara Tahrir meýdançasyndan daşda durmak maslahat berildi.
Tahrir meýdançasyndaky protestçileriň biri Ahmed Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, protestlerde zenanlaryň rolunyň garaşylyşyndan has uly bolanlygyny aýtdy we protestlere zenanlaryň gatnaşmagynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtady.

Ahmed protestleriň dowamynda zenanlaryň has berk duranlygyny we çykyşlaryň parahaçylykly häsiýetini saklamagy başaranlygyny belledi. Onuň sözlerine görä, zenanlaryň özlerini alyp barşy beýleki demonstrantlara-da görelde boldy.

Ahmediň we Semer Osmanyň çaklamalaryna görä, prezident Hosni Mubarage garşy geçirilen protestleriň ilkinji günlerinde çykyş edenleriň dörtden bir bölegi aýallar bolupdy.

Jemgyýetiň dürli gatlaklaryna degişli

Protestlere gatnaşan zenanlar, ýaş taýdan we sosial, syýasy hem dini nukdaýnazardan, müsür jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna degişli adamlardy. Ýewropa geýimli ýaş zenanlar bilen bir hatarda diniň berk talaplaryna laýyk geýnen musulman zenanlar hem protestlere gatnaşypdylar. Musulmanlar, hristianlar we ateistler režimden öz nägileligini biragyzdan mälim etdiler.

Ýewropa geýimli ýaş zenanlar bilen bir hatarda diniň berk talaplaryna laýyk geýnen musulman zenanlar hem protestlere gatnaşypdylar.
Emma ýagdaýlar dartgynlaşanda, zenanlara we çagalara Tahrir meýdançasyndan daşda durmak maslahat berildi. Semer Osman Müsüriň jemgyýetiniň konserwatiwdigini belledi, emma protestleriň ilkinji günlerinde zenanlaryň aktiwliginiň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetenligini aýtdy.

1957-nji ýylda ilkinji gezek bir zenan Müsüriň parlamentiniň düzümine giripdi. Şol döwürden bäri zenanlaryň ýurduň syýasatyndaky roly gowşaklygyna galdy we 2005-nji ýylyň saýlawlarynda diňe dört zenan parlamentde deputatlyk ornuny eýeläp bildi.
XS
SM
MD
LG