Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Berdimuhamedowy Tährana çagyrdy


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylyň 27-28-nji marty aralagynda geçiriljek Halkara Nowruz baýramyna gatnaşmak üçin Eýrana çagyrdy. Bu barada Türkmen Döwlet habarlar gullugy maglumat berýär.

2010-njy ýylda Nowruz baýramy ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň halkara baýramy hökmünde bellenildi.

Bu dabara gatnaşmak üçin Eýrana Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň we Yragyň prezidentleri, şeýle-de Türkiýäniň we Azerbaýjanyň wekilleri gelipdi.
XS
SM
MD
LG