Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň goranmak ministrleri duşuşdy


Sişenbe güni Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň goranmak ministrleri duşuşyk geçirdiler. Bu duşuşygyň dowamynda regiondaky howpsuzlyk meseleleri maslahat edildi.

Duşuşykdan birnäçe gün ozal Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa terroristleriň Täjigistanyň serhedinden Gyrgyzystana geçmek howpy boýunça howatyrlanma bildiripdi.

Täjik goranmak ministri Şerali Haýrullaýew öz gyrgyz kärdeşi Abibilla Hudaýberdiýew bilen Täjigistanyň Hojand şäherinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda görüşdi.

Terroristleriň Täjigistandan Gyrgyzystana geçmek meselesi iki ýurduň resmileriniň arasynda mundan ozal hem maslahat edilipdi.
XS
SM
MD
LG