Sepleriň elýeterliligi

logo-print

AI: “Yragyň howpsuzlyk güýçleri tussaglary gynaýar”


Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasynyň soňky ýaýradan hasabatynda aýdylmagyna görä, Yragyň howpsuzlyk güýçleri tussaglaryň boýun almaklaryny gazanmak üçin olary gynaýan usullary ulanypdyrlar.

“Amnesty International” guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, munuň bilen baglylykda 2004-nji ýyldan bäri onlarça tussag ölüpdir.

“Amnesty International” Yragyň harby we içeri işler edaralarynyň gizlin türmeleriniň bardygyny hem nygtady.

Yragyň resmileri gizlin türmeleriň bardygyny iňkär edýärler.
XS
SM
MD
LG