Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň täze binasynyň bahasy 1 milliard ýewro


NATO-nyň berýän maglumatlaryna görä, ýaranlygyň gurlup duran täze edara binasynyň bahasy 1 milliard ýewro çemesidir.

Bäş ýylyň dowamynda gurlup gutarylmagy planlaşdyrylýan bu bina Brýusseliň eteginde ýerleşýär. Onuň meýdany 250,000 metr kwadrata deň bolar.

Häzirki wagt NATO-nyň delegasiýasy we işgärleri 1960-njy ýyllarda Belgiýanyň hökümetiniň hödür eden binasynda iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG