Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Eýrana çagyryldy


Ahmedinejad Berdimuhamedowy 27-28-nji mart aralagynda geçiriljek Halkara Nowruz baýramyna gatnaşmak üçin Eýrana çagyrdy.
Ahmedinejad Berdimuhamedowy 27-28-nji mart aralagynda geçiriljek Halkara Nowruz baýramyna gatnaşmak üçin Eýrana çagyrdy.

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň wise-prezidenti Hamid Begaýini kabul etdi.

Begaýi Eýranyň Türkmenistandaky medeni günlerine gatnaşmak üçin Aşgabada bardy. Ol çäre sişenbe güni başlandy.

Berdimuhamedow we Begaýi özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada hem pikir alyşdylar. Olar bilelikde gurnalýan ylmy konferensiýalaryň, medeni günleriň, sergileriň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Sişenbe güni medeni günleriň açylyş dabarasynyň gurnalan ýeri bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Eýranyň çeperçilik we el hünärleri boýunça sungat işleriniň sergisi-de açyldy.

Mundan daşary, Aşgabatdaky «Watan» kino-konsert merkezinde Eýranyň milli folklor toparlarynyň çykyşlary-da görkezildi.

Eýranyň Türkmenistandaky medeni günleriniň dowamynda eýranly kino režisýorlarynyň filmleriniň hem görkeziljekdigi habar berilýär. Bu medeni çäreler 11-nji fewrala çenli dowam eder.

Häzir Şwesiýada ýaşaýan asly eýranly türkmen we syýasy aktiwist Ýakup şeýle medeni günleriň geçirilmegine gowy baha berýär.

“Olar goňşy ýurtlar. Ikisi-de bir ýerde ýaşaýar we olar biri-birlerine mydama gerek. Şonuň üçin, näçe köp gatnaşyk edilse, ol iki ýurt üçin hem peýdaly gutarýar” diýip, Yakup aýdýar.

Ýakup şeýle medeni günlere Eýranda ýaşaýan türkmenleri hem köpräk gatnaşdyrmalydygyny sözüne goşdy: “Eýranly türkmenler we eýranlylar Türkmenistana köpräk barsalar, onda üç dogan bolup oturmak bolýar”.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Eýranda Türkmenistanyň medeni günleri hem geçirilipdi.

Eýranyň wise-prezidenti Begaýi türkmen liderine prezident Mahmud Ahmedinejadyň çakylyk hatyny hem gowşurdy. Ahmedinejad Berdimuhamedowy 27-28-nji mart aralygynda geçiriljek Halkara Nowruz baýramyna gatnaşmak üçin Eýrana çagyrdy.

2010-njy ýylda Nowruz baýramy ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň halkara baýramy hökmünde bellenildi.

Bu dabara gatnaşmak üçin Eýrana Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň we Yragyň prezidentleri, şeýle-de Türkiýäniň we Azerbaýjanyň wekilleri gelipdi.
XS
SM
MD
LG