Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Umarow: “Partlamany men etdirdim”


“Bu ýörite operasiýa meniň buýrugym boýunça amala aşyryldy. Inşalla, bular ýaly ýörite operasiýalar geljekde ýene amala aşyrylar” diýip, Umarow aýtdy.
“Bu ýörite operasiýa meniň buýrugym boýunça amala aşyryldy. Inşalla, bular ýaly ýörite operasiýalar geljekde ýene amala aşyrylar” diýip, Umarow aýtdy.
Yslamçy gozgalaňçylaryň lideri Doku Umarow öten aý Moskwanyň “Domodedowo” aeroportunda janyndan geçen bir hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Aeroportuň halkara gonuş zalynda bolan partlamada 36 adam ölüp, 150-den agdyk adam ýaralandy. Ýaralananlardan takmynan 60 adam häzire çenli-de keselhanada.

7-nji fewralda giçlik www.kavkazcenter.com saýtynda ýerleşdirilen bir wideo ýazgyda Umarow bu partlamanyň öz buýrugy boýunça amala aşyrylandygyny habar berdi.

“Bu ýörite operasiýa meniň buýrugym boýunça amala aşyryldy. Inşalla, bular ýaly ýörite operasiýalar geljekde ýene amala aşyrylar” diýip, Umarow aýtdy.

Ol şeýle hem: “Biziň aramyzda indiki hüjümlerde öz janyny gurban etmäge taýyn ýüzlerçe doganymyz bar” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Ors derňewçileri: “Bombaly hüjümi amala aşyran 20 ýaşly bir demirgazyk kawkazly” diýýärler. Bu region Çeçenistany, Dagystany we şol töwereklerdäki etraplary öz içine alýar.

Umarow 5-nji fewralda hem “kavkazcenter” saýtynda peýda bolan başga bir wideoda Demirgazyk Kawkazdan çekilmegi ret eden ýagdaýynda 2011-nji ýylyň Orsýet üçin “gan we gözýaş” ýyly boljakdygyny aýtdy.

Häzirki premýer-ministr Wladimir Putin ozal prezidentkä 1999-njy ýylyň aýagynda ikinji urşa başlamak bilen Orsýetden aýrylmaga synanyşýan çeçen gozgalaňçylaryna agyr zarba urdy.

Harby operasiýalar resmi taýdan tamamlandy edilse-de, yslamçy gozgalaňçylar goňşy Dagystan we Inguşystandan edýän hüjümlerini dowam etdirýärler.

20 ýyla golaý bäri ele düşmän gelýän Umarow bilen onuň yzyna eýerýänler regionda garaşsyz yslam döwletini gurmak isleýärler.

46 ýaşly Umarow 2006-njy ýylyň iýunynda ors güýçleri tarapyndan öldürilen çeçen ýolbaşçysy Şamil Basaýewiň ornuny tutan adam.

Onuň topary ozal hem bolan birnäçe hüjümiň, şol sanda öten martda Moskwa metrosynda 40 adamyň ölümine sebäp bolan partlamanyň hem jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

“Domodedowo” aeroportunda bolan partlamadan bäri Kremliň indiki hüjümleriň öňüni almaga ukyplydygyna şübhe edilýär.

Prezident Dmitriý Medwedew Demirgazyk Kawkazda barýan gozgalaňy “Orsýetiň milli howpsuzlygyna abanýan iň uly howp” diýip atlandyrýar.

Ýakynda Medwedew transport polisiýasynyň ýokary derejeli işgärlerini boşadyp, aeroportlarda we wokzallarda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi barada perman çykarypdy.
XS
SM
MD
LG