Sepleriň elýeterliligi

Kim Mubarege has köp meňzeýärkä?


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow 20 ýyldan gowrak bäri häkimiýetiň başynda.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow 20 ýyldan gowrak bäri häkimiýetiň başynda.

Dünýäni sarsdyran Müsür wakalary postsowet döwletlerine, ýagny iki onýyllykdan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda oturan prezidentleriň ýurdy dolandyrýan ýerlerine hem ýaýrap biler. Diktaturanyň, garyndaşparazlygyň, korrupsiýanyň ösýän ýurtlarynda - Gazagystanda, Täjigistanda, Belarusda we hatda Orsýetde-de müsür wakalarynyň bolmajakdygyny çaklamak ýalňyş bolsa gerek.

Hatda mundan birnäçe hepde ozalam, müsür halky Hosni Mubaregiň garşysyna çykar diýen pikiri hiç kim hyýalyna-da getirmändi. Müsüre 30 ýyl töweregi baştutanlyk edýän Mubarek dünýäniň iň uzak wagtlap prezidentlik eden ýolbaşçylarynyň hataryna giripdi. Saýlawdan saýlawa sesleri galplaşdyryp, häkimiýet başynda oturan Mubarek häzir özüniň “prezident bolmakdan ýadandygyny” aýdýar.

Aslyna seredilende, bolýan wakalar Mubarekden müsur halkynyň ýadandygyny görkezýär. Bütindünýä Bankynyň berýän maglumatlaryna görä, Müsürdäki her maşgala düşýän ortaça girdeji 2,070 amerikan dollaryna deň. Ilatyň 20 prosenti ýaşaýyş minimumyndan aşakda ýaşaýar. Mubaregiň we onuň maşgalasynyň baýlygynyň bolsa 50 milliarddan 70 millard amerikan dollaryna çenlidigi aýdylýar. IHS Global Insight guramasynyň hasabatyna görä, Mubaregiň maşgalasynyň Londonda, Parižde, Madridde, Dubaýda, Waşingtonda, New Yorkda we Frankfurtda emläkleri bar.

Indi bolsa garaşylmadyk protestler sebäpli Mubarek ne özüniň, ne-de oglunyň häkimiýete dalaş etjekdigini aýdýar. Mubarek häzir häkimiýetden çetleşse, ýurtdaky döräp biljek "baş-başdaklykdan" howatyrlanýandygyny aýdýar. Onuň aslynda gorkýany başga zat. Ol derňewlerden we jezalandyrmadan, öz emläginiň elinden alynmagyndan, şeýle-de korrupsiýa ylalaşyklarynyň üstüniň açylmagyndan gorkýar.

Häzir Müsürdäki bolup geçýän wakalary göz öňünde tutup, postsowet döwletlerine seretmek gaty gyzykly bolsa gerek. Geçen hepde “Times” žurnaly ýakynda häkimiýetden gitjege meňzeýän 10 diktatoryň sanawyny çap etdi. Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bu sanawda dördünji orny aldy. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bolsa ýedinji orunda dur.

“Ýewropanyň iň soňky diktatory”

Aleksandr Lukaşenko “Ýewropanyň iň soňky diktatory” diýlen at dakyldy.
Belarusy 16 ýyl bäri dolandyryp gelýän Aleksandr Lukaşenko “Ýewropanyň iň soňky diktatory” diýlen at dakyldy. Geçen ýylyň dekabrynda bu diktator sesleriň 80 prosent töweregini alyp, nobatdaky gezek prezidentlige saýlandy. Bu saýlawlardan soňky protestler gazaply basylyp ýatyrylypdy. Munuň bilen baglylykda Belarusa käbir halkara sanksiýalary girizildi.

Täjigistana nazar aýlasak, onda Emomali Rahmon bu garyp, kiçi döwlete 1992-nji ýyldan bäri prezidentlik edip gelýär. Öňki Sowet apparatçysy Rahmonow döwleti edil özüniň feodal mülki ýaly dolandyrýar. Şeýle-de onuň maşgala agzalary we onuň golaýyndakylar bu korrumpirlenen sistemadan peýda görýärler. Täjigistanda-da edil Müsürdäki bolşy ýaly, garyplyk sebäpli bidüzgünçilikler döräp biler.

Indi iň gyzyklysy – bu, ýakynda ÝHHG başlyklyk eden Gazagystanyň ýagdaýyna syn etmek. 70 ýaşly prezident Nursoltan Nazarbaýew ýurda eýýäm 20 ýyl töweregi ýolbaşçylyk edip gelýär. Häzirem onuň häkimiýeti geçirmäge taýyn adamy ýok. Nazarbaýewiň öňki giýewsiniň ýazmagyna görä, Nazarbaýewiň üç aýaly bar. Şeýle-de Nazarbaýew häkimiýeti üçünji aýalyndan bolan ogluna geçirmegi meýil edinýärmiş. Häzir onuň şol ogly alty ýaşynda.

Müsür Gazagystana nädip parahatçylygyň gahar-gazaba ýazyp bilýändigini açyk görkezdi. Şeýle-de Gazagystanyň oppozision “Azat partiýasynyň” ýolbaşçylarynyň biriniň aýtmagyna görä, golaýda prezidentlik möhletini uzaltmak boýunça geçiriljek referendumyň ýatyrylmasynyň arkasynda Müsürdäki wakalar dur. Eger-de referendum geçirilen bolsady, onda bu Nazarbaýewi ömürlik prezident etmäge ýol açardy.

Ýokanç "kesel"

Türkmenistanyň hem ömürlik prezidentler meselesinde azda-kände tejribesi bar. “Türkmenbaşy” ady dakylan Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylda aradan çykýança prezident bolup oturdy. Nyýazow Ýer ýüzünde şahsyýet kulty medeniýetiniň entek hem bardygyny dünýä ýurtlaryna gaty açyk görkezipdi.

Ýakynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi bir uly aýalyň Berdimuhamedowyň elini öpüp duran pursatyny görkezdi.
Seýle syýasy medeniýet edil ýokanç kesel ýaly... Nyýazowdan soň häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow hem onuň ýolundan barýar. Häzir Berdimuhamedowa “Arkadag” diýen at dakylýar. Ýakynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi bir uly aýalyň onuň elini öpüp duran pursatyny görkezdi. “Arkadag” hem hiç hili utanç-haýasyz elini uzadyp durdy.

Aýdymçy Begmyrat Annamyradow “Siz, Arkadag” diýen aýdymy bilen “2010-njy ýylyň parlak ýyldyzy” atly ýerli bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Şeýle mysallar gün geçdigiçe adaty ýagdaýa öwrülip barýar.

Özbegistan barada gürrüň edilende, ol hem meňzeşräk ýoldan barýar. 2005-nji ýylda Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow öz raýatlaryny oka tutmagy buýruk beripdi. 1990-njy ýyldan bäri Özbegistanyň başynda duran Yslam Kerimow häzir dünýäniň iň zalym diktatorlarynyň biri hasaplanýar.

Kerimow häzir 73 ýaşynda. Onuň ogly ýok. Ýöne aýaly Tatýana Karimowadan iki sany gyzy – Gülnara we Lola bar. “Der Spiegel” žurnalynyň maglumatlaryna görä, Gülnara Kerimowanyň 570 million dollara golaý serişdesi bar. Aýdylmagyna görä, ol ýurduň nebit, gaz, telekommunikasiýa we gurluşyk pudaklaryny öz elinde saklaýar. Çaklamalara görä, Kerimowlaryň dinastiýasynyň we häzirki dolandyryjylaryň häkimiýet başynda Gülnarany görmek isleýän bolmaklary ähtimal. Emma Özbegistanda Kerimowlar maşgalasynyň häkimiýetde galmagyna, şeýle-de aýal maşgalanyň baştutan bolmagyna garşy çykjak köp.

Indi iň gyzykly sorag: bu agzalan diktatorlaryň haýsysy Mubarege has köp meňzeýärkä?

Çolpon Orozobekowa Ženewada ýaşaýan gyrgyz žurnalisti, BBC Radiosynyň, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň, Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň öňki žurnalisti, “De Facto” gazetiniň öňki baş redakory. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG