Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinanyň ýerli organlaryna saýlaw geçiriler


Sişenbe güni Palestinanyň hökümeti şu ýylyň 9-njy iýulynda Palestinanyň ýerli organlaryna saýlawlaryň geçiriljekdigini yglan etdi.

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň we parlamentiň häzirki deputatlarynyň saýlaw möhletleriniň bireýýäm tamamlanandygyna garamazdan, Palestin awtonomiýasynda 2006-njy ýyldan bäri hiç hili saýlaw geçirilmän gelinýär.

Palestinanyň şäher geňeşlerine-de kanun boýunça geçen ýylyň iýulynda saýlawlar geçirilmelidi. Emma Mahmud Abbasyň «Fatah» partiýasynyň öz içindäki käbir dawalar sebäpli ol saýlawlar yza süýşürilipdi.

Gaza sektoryna kontrollyk edýän Hamas topary bu sektorda saýlawlaryň geçirilmegine ýol berilmejekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG