Sepleriň elýeterliligi

Goride Staliniň ýadygarliginiň ýerine başgasy oturdylar


Sişenbe güni Gürjüstanyň Medeniýet ministrligi ýurduň Gori şäherindäki Iosef Staliniň ýadygärliginiň ýerine Sowet repressiýasynyň hem-de 2008-nji ýyldaky Gürjüstan-Orsýet urşunyň pidalarynyň hatyrasyna başga bir ýadygärligiň oturdyljakdygyny mälim etdi.

Medeniýet ministrliginiň metbugat sekretary Tamar Çikhladze 2008-nji ýylyň urşunyň we Staliniň repressiýasynyň aýylgançlyklarynyň gaýtalanmazlygy üçin gürjüstanlylaryň bu wakalary hiç haçan ýatlaryndan çykarmaly däldiklerini aýtdy.

Täze memorial ýadygärlik Staliniň dogduk şäheri bolan Gori şäherindäki onuň 15 metrlik bürünç ýadygärliginiň ýerinde oturdylar.
XS
SM
MD
LG