Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar Pakistana duýduryş berýär


Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň resmileri Pakistanda tussag edilen amerikan diplomatynyň tussaglykdan boşadylmadyk halatynda, Pakistana berilýän gumanitar ýardamlaryň kesilmeginiň mümkindigi bilen duýduryş berdiler.

Hususan-da, bu barada düýn üç kongresmenden ybarat amerikan delegasiýasy Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani we käbir beýleki resmiler bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi.

Ýakynda, 27-nji ýanwarda Pakistanyň Lahor şäherinde amerikan diplomaty Reýmond Dewis iki sany ýerli raýaty atyp öldürmeginiň yzy bilen tussag edilipdi.

Reýmond Dewis bu iki raýatyň özüni talamaga synanyşandyklaryny we wakada öz howpsuzlygyny goramak üçin olary atmaga mejbur bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG