Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Müsüriň howpsuzlyk boýunça alan kararyna garşy


Birleşen Ştatlar Müsürdäki howpsuzlyk güýçlerine uly ygtyýarlyklary berýän adatdan daşary kararlaryň ýatyrylmagyna çagyryş etdi.

Bu barada sişenbe güni Amerikanyň wise-prezidenti Jo Baýden Müsüriň wise-prezidenti Omar Süleýman bilen geçiren telefon gepleşiginde aýtdy.

Söhbetdeşlikde Baýden polisiýa işgärleriniň aktiwistleri we žurnalistleri ýençmeklerini we tussag etmeklerini bes etmelidiklerini nygtady.

25-nji ýanwardan bäri müsürliler prezident Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmegini talap edip, protest geçirýärler.

Omar Süleýmanyň aýtmagyna görä, häzirki hökümetiň häkimiýeti asuda ýagdaýda geçirmek üçin düzülen anyk plany we kesgitlenen iş tertibi bar.

Şeýle-de ol “gyssagly” reformalaryň häzirki ýagdaýlary has-da “baş-başdaklyga” eltjekdigini aýtdy.

Emma, muňa garamazdan, protestçiler bu wadalary ret edip, anna güni demonstrasiýalaryň ýaýbaňlandyrylmaga çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG