Sepleriň elýeterliligi

Berluskiniň sud edilmegi resmi taýdan talap edildi


Çarşenbe güni Italiýanyň prokuraturasy ýurduň premýer-ministri Silwio Berluskoniniň kämillik ýaşyna ýetmedik gyz bilen jynsy gatnaşykda bolandygy we bu wakany gizlemek üçin öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy baradaky aýyplama bilen onuň sud edilmegini resmi taýdan talap etdi.

Bu baradaky talap çarşenbe güni suda geçirildi. Indi 74 ýaşly Berluskoniniň sud edilip-edilmezligi boýunça soňky karary sudýa berer.

Italiýaly biznesmen Gianfranko Zulli premýer-ministr Berluskonä bildirilýän bu aýyplamalar barada şeýle gürrüň berýär:"Ol özüniň edýän zadyny gowy görýär. Emma, ol beýlekileriň edişi ýaly, bulary biraz akyllyrak etmeli.”

Berluskoni özüniň ters iş etmändigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG