Sepleriň elýeterliligi

«Domodedowoda» partlama edeniň doganlary tussag edildi


Geçen aý Moskwanyň «Domodedowo» aeroportundaky partlamany amala aşyrmakda gümän edilýän janyndan geçen hüjümçiniň doganlary tussag edildi.

Orsýetiň polisiýasynyň maglumatyna görä, partlamany amala aşyran janyndan geçen hüjümçi - asly inguşetiýaly, 20 ýaşly Magomed Ýewloýew bolupdyr.

Orsýetiň habar agentlikleriniň berýän maglumatyna laýyklykda, Ýewloýewiň 16 ýaşly dogany Ahmet we 22 ýaşly gyz dogany Fatima partlama dahyllylykda gümän edilip, tussag astyna alnypdyrlar.

Ekstremist çeçen söweşiji lideri Doku Umarow 24-nji ýanwarda Moskwanyň «Domodedowo» aeroportunda bolan partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG