Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň baş prokuraturasy oppozisiýanyň ýörişine garşy


Eýranyň baş prokurorynyň aýtmagyna görä, ýurtdaky oppozisiýa güýçleriniň arap döwletlerindäki protestleri goldap geçirjek bolýan ýörişi eýranlylary bölmek üçin edilýän syýasy ädimdir.

Baş prokuror Golam Hossein Mohseniniň bu çykyşy barada çarşenbe güni ILNA agentligi habar berdi.

Eýranyň oppozisiýa ýolbaşçylary Mir Hossein Musawi we Mehdi Karrubi ýurduň resmilerinden 14-nji fewralda Tunisdäki we Müsürdäki protestçileri goldap ýöriş geçirmek üçin rugsat sorapdyrlar.

Golam Hossein Mohseniniň bellemegine görä, eger-de oppozisiýa liderleri arap döwletlerindäki aýaga galmalary goldajak bolsalar, onda olar döwlet tarapyndan gurnalýan 11-nji fewraldaky ýörişe gatnaşyp bilerler.

Her ýylyň 11-nji fewralynda 1979-njy ýylda Eýranda amala aşyrlan Yslam rewolýusiýasynyň ýyl dönümi bellenilýär.
XS
SM
MD
LG