Sepleriň elýeterliligi

Palestin-Ysraýyl gepleşikleri töwekgelçilikde diýilýär


Britaniýanyň daşary işler ministri William Hagyň bellemegine görä, Müsürdäki tolgunyşyklar Palestin-Ysraýyl parahatçylyk gepleşiklerinde kynçylyk döredip biler.

William Hag Londonyň “Times” neşirýatyna aýtmagyna görä, Müsürdäki, Tunisdäki halk tolgunyşyklary we Iordaniýaky protestler Palestin-Ysraýyl konfliktinden çykalganyň tapylmagyna böwet döredip biler.

Şeýle-de Britaniýanyň daşary işer ministri Ysraýylyň Palestinadan basylyp alnan ýerlerde jaý gurmak baradaky çärelerininiň “gynandyjydygyny” aýtdy.

William Hag bu çykyşyny Tunisden Iordaniýa edýän saparynyň dowamynda etdi.
XS
SM
MD
LG