Sepleriň elýeterliligi

Bosniýada söweşden soňky jynsy jenaýatlar


Birleşen Ştatlaryň Nebraska ştatynda polisiýanyň ofiseri bolup işleýän üç çaganyň enesi Katrin Bolkowak Balkanlarda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar bilen baglanyşykly bolup geçen jynsy jenaýatlar hakda "The Whistleblower” atly kitap ýazdy.

BMG-niň öňki polisiýa işgäri Katrin Bolkowak
Katrin Bolkowak 1998-nji ýylda özüniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bosniýa-Gertsegowinada iş alyp barýan halkara polisiýa güýçlerine goşulandygyny aýdýar. Ol Bosniýa baransoň, Zenitsa şäherinde işe ýerleşdirilip, aýallar barada bolýan zulum-süteme garşy göreşmek maksady bilen döredilen bir proýekte ýolbaşçy bellenilýär. Az salym soň hem urlup-ýenjilen bir moldowaly ýaş aýala duşýar.

Öz başyndan nähili külpetleriň inendigini aýdyp, düşündirmäge ne iňlis, ne-de bosniýa dilini bilýän bu aýalyň elini galgadyp, salgy bermegi bilen Bolkowak ýanyna bir terjimeçi, bir hem ýerli polisiýa işgärini alyp, “Florida” diýilýan ýerli gije klubyna barýar.

“Biz töwerege göz aýlap başladyk. Ol ýer açykdy. Men baryň aňyrsynda bir demir sandygyň üstünden bardym. Içinde ençeme pasport we amerikan dollary bardy. Pasportlar Gündogar Ýewropadan gelen gyzlaryňkydy. Şondan soň bu gyz we beýlekiler bu ýerde bendilikde saklanýandyrlar diýip, şübhelenip ugradym. Ikinji gatda bir ýapyk gapy bardy. Ony zor bilen açdyk. Içinde ýedi sany gyz bar eken. Hemmesi bendilikde. Olaryň bu ýerde öz meýillerine däl-de, zor bilen saklanýandygy görnüp durdy. Gapy ýapyk, pasportlary ýok. Ine, ähli zat şeýle başlandy” diýip, Bolkowak aýdýar.

Az salym soň hem Bolkowagyň “Bu ýere jynsy gatnaşyk üçin Ukrainadan, Moldowadan we Rumyniýadan 12 ýaş töweregindäki gyzlar getirilýär. Dollardan çen tutsaň, müşderiler hem amerikan esgerleri bolmaly” diýen şübhesi hakykat bolup çykýar. Amerikan esgerleriniň we beýleki halkara kontraktçylarynyň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar bilen jynsy gatnaşykda bolýandygyny, olary satyn hem alýandygyny görkezýän subutnamalar köpelip ugraýar.

Hasam biynjalyk edýän zat

“Balkan mafiýasynyň gaty oňat guramaçylygyna, olaryň halkara jemgyýetçiliginiň dürli gatlaklaryna aralaşandygyna şübhe ýok. Bu syr däl. Olar bikanun aýal söwdasyny hem edip, gowy gazanç edýärler. Ýöne meni biynjalyk edýän bu işde halkara polisiýa işgärleriniň eliniň bardygy. Adamy has biynjalyk edýän şu. Polisiýa bolsaň, korrupsiýa seniň görmedik zadyň däl” diýip, Bolkowak belleýär.

Soňra ol şeýle diýýär: “Elbetde, Biz Gündogar Ýewropada we Bosniýada korrupisýa ýokdur öýdemzokdyk. Ýöne polisiýa işgär alnanda, esasan hem ABŞ-dan alnanda, Döwlet departmentiniň olaryň aňyrsyna ýetmek üçin etjek işleri şu kontraktçylaryň saýlanyşyndan has gowudyr diýip, pikir ederdim.”.

Bolkowak her zatdan ozal hem özüni işe alan “DynCorp” kompaniýasyna gaharlanýar. Bu Döwlet departamenti tarapyndan Bosniýa üçin göz öňünde tutulan 15 million dollarlyk kontrakty gazanan kompaniýa. Onuň Yrakda Amerikan hökümetiniň bir milliard dollardan agdyk puluny bikanun sowrandygyna ynanylýar. Owganystanda hem onuň işgärleriniň neşe çekip, ýaş “tansçy oglanlar” diýilýän çagalara pul berenini görenler bar.

Bolkowak öz kitaby Balkanlarda bolýan bikanun aýal söwdasyna köpçüligiň ünsüni çeker diýip, umyt edýär: “Men kontraktçylar, halkara arkalaşygy ýa Döwlet departmenti tarapyndan işe alnyp, bu ýere gidýänleriň hemmesi beýle işleri edýändir öýdemok. Bu jenaýat işlerine baş goşýanlar bolaýsa, 10-20 prosentdir. Ýöne problema beýleki 80 prosentiň bularyň öňüni almakda hiç bir iş etmeýänliginde”.
XS
SM
MD
LG