Sepleriň elýeterliligi

Ukrain "Älemgoşary" dünýä Aşgabatdan çykypdy...


"Älemgoşar" filminden pursat

"Älemgoşar" filminden pursat

Dünýä belli ukrain kinorežissýory Mark Donskoýyň "Älemgoşar" çeper filmi sowet filmleriniň arasynda ABŞ-nyň Kino akademiýasynyň baýragy "Oskara" ilkinji bolup mynasyp görlüpdi. Bu çeper kartina polýak we sowet ýazyjysy Wanda Wasilewskaýanyň adybir powesti esasynda goýlupdy.

Filmiň mazmuny sadaja ukrain obalarynyň birinde ýaşap ýören zenanyň — üç çaganyň enesiniň mertligi hakynda. Nemes faşistleriniň eline düşen bu aýal duşmana partizanlaryň hirededigini aýtmajak bolup, sütem baryny başdan geçirýär. Onuň gören ejirini söz bilen beýan etmek kyn. Ol diňe bir özüniň däl, körpeje çagalarynyňam ezýet çekmegine sebäp bolýar. Emma dönüklik edenok. Ol soňuna çenli mert durýar. Şonuň üçin bolsa gerek, Hudaý ony ýalkaýar, ol halas bolýar. Onuň obajygynyň üstünden älemgoşar çykýar.

Bu dartgynly wakany Mark Donskoý kino sungatynyň serişdeleri arkaly tolgundyryjy suratlandyrýar. Şol älemgoşaryň köp garaşdyran älemgoşardygyny, adam yhlasynyň, ynsan zähmetiniň, horlugynyň älemgoşarydygyny täsirli görkezýär.

Meniň bu filmi ýatlamagymyň esasy sebäbi onuň Türkmenistanda surata düşürilenligidir, muny bilýänler welin az-azdyr. Ukrainanyň Kiýewden gyssagly ewakuasiýa edilen, ýagny göçürilen Dowženko adyndaky kinostudiýasy 1941-44-nji ýyllarda Aşgabatda ýerleşip, öz işini dowam etdirýär Şonda bu ýere gelen Mark Donskoý hem "Älemgoşary" türkmen topragynda döredýär.

Tomusda ýagdyrylan "gar"

Filmiň wakasy urşuň aňzakly gyş döwründe bolup geçýär.Ýöne ony paýtagtymyzda tomusda surata düşürmeli bolýar. "Heý, jokrama yssyda-da aňzakly gyşy surata alyp bolarmy? Heý, Türkmenistanyň şertlerinde-de gar basyp oturan ukrain obasyny döredip bolarmy?" diýenlerem tapylýar. Donskoý "Bolar" diýip ynamly jogap berýär. Bu kyn meseläni çözmek üçin filmi dörediji toparyň her bir agzasy yhlas baryny siňdirýär.

Belli türkmen kino işgäri Ata Saryýew bu filmiň döredilişini gözi bilen gören adam hökmünde öz wagtynda şeýle ýatlapdyr: "Film häzirki kinostudiýanyň çäginde, soňam onuň gapdalyndaky stadionyň meýdançasynda surata düşürildi. Şol ýerde ukrain obasy döredildi. Maşyn-maşyn pagta getirilip, ýere düşeldi. Ýere ýazylan pagtanyň üstüne bolsa köp mukdarda naftalin diýilýän derman sepildi. Şol naftalin pagtanyň ýüzüni ýylpyldadyp, uzakdan gara meňzedýärdi. Şol ýerde pagtanyň üstündenem ukrain kepbelerini gurdular. Her ýerde, her ýerde agaç oturtdylar. Bir az wagtyň içinde ukrain obasy, özi hem uruş döwriniň, aňzakly gyşyň obasy döredi oturyberdi. Men şonda haýran galdym — hakyky sungat eserini döretmek üçin gör, nähili işleri amala aşyrmaly bolýar ekeni".

Şonda ukrain artistleri Ata aganyň ýatlaýşy ýaly, gaty horlanypdyrlar. Olaryň hemmesi telpek, galyň içmek geýmeli bolupdyr, aýaklarynda keçe ädik, ýüň jorap... Yssy bolansoň, surata düşürip ýetişmänkäler, ol görgüliler gara dere batyp, öl-myžžyk bolupdyrlar, ysgyndan gaçypdyrlar. Ýöne gyşda derläp duran adamy görkezseň boljak däl. Şonuň üçin-de režissýor aktýorlary iri planda görkezmezlik kararayna gelipdir. Kinooperator olary uzagrakdan alypdyr.

Meşhurlyga eýe bolýar

"Älemgoşar" filmi daşary ýurtlarda görkezilende şol "aňzakly gyşyň" jöwzaly Türkmenistanda düşürilendigini aňan bolmandyr. Her kim şol ýere hakykatdanam Ukrainadyr öýdüpdir. Kino kadrlarynda hakyky gyş, hakyky ukrain obasy, peýzažy.

Bary-ýogy alty aýyň dowamynda film doly taýýar edilýär.1944-nji ýylyň aýagynda-da Moskwa alyp gidip tabşyrýarlar. Film gowy garşylanýar. Dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar.

Ata Saryýew bu filmiň döreýşine 22 ýaşynda şaýat bolupdyr. Ol Alty Garlyýew adyndaky "Türkmenfilm" kinostudiýasynyň 50 ýyllygyna Mark Donskoýy hem-de "Älemgoşaryň" goýujy hudožnigi Walentina Hmelýowany çagyrmak üçin Kiýewe ýörite gidýär. Hudožnik aýal agyr keseldigine garamazdan, "Men ölsemem, Türkmenistanda öljek, olam meniň Watanym" diýip, Aşgabada gaýdýar. Ol dabaranyň ertesi güni Aşgabatda jan berýär. Walentina Hmelýowany Köşidäki gonamçylykda hormat bilen jaýlaýarlar.

"Älemgoşar" ýaly Oskar baýragyna mynasyp bolan ajaýyp çeper filmiň türkmen topragynda döredilendigini bilmek ýakymlydyr.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG