Sepleriň elýeterliligi

Albaniýanyň iki sany ýokary derejeli ofiseri tussag edildi


Çarşenbe güni Albaniýanyň Respublikan Gwardiýasynyň iki sany ýokary derejeli ofiseri şu ýylyň 21-nji ýanwarynda demonstrasiýaçylara garşy ok atmakda güman bildirilip, tussag edildi.

Albaniýanyň paýtagty Tiranada oppozision protesçilere garşy ok atylmagy netijdesinde dört adam ölüpdi.

Albaniýanyň prokuraturasy Respublikan Gwardiýanyň ýörite güýçleriniň komandiri Alfred Ahmetçenajyň we şol toparyň ýene bir ýokary derejeli ofiseri Agim Lluponyň tussag edilmegi barada order çykardy.
XS
SM
MD
LG