Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Kuril adalaryndaky ýaraglaryny artdyrmakçy


Çarşenbe güni prezident Dmitriý Medwedew Ýaponiýa tarapyndan dawa edilýän Kuril adalaryndaky harby ýaraglary artdyrmaklyga görkezme berdi.

Bu barada eden çykyşynda prezident D.Medwedew «Orsýet Federasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolan Kuril adalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ol ýerde ýeterlik we kämil ýaraglar bolmalydyr» diýdi.

Orsýetiň prezidentiniň bu görkezmesi ýakynda Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kanyň Dmitriý Medwedewiň Kuril adalaryna eden saparyny «kabul ederliksiz» waka diýip häsiýetlendirmegi bilen baglanyşykly wakalaryň fonunda ýüze çykdy.

Kuril adalary Ikinji Jahan urşunyň yzýany, 1945-nji ýylda şol wagtky Sowet Soýuzynyň kontrollygyna geçipdi. Şondan bäri bu adalaryň kanuny statusy baradaky dawalar Moskwa bilen Tokionyň arasynda dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG