Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň paýtagty Kairdäki protestler dowam edýär


Çarşenbe güni Müsüriň paýtagty Kairde hökümete garşy protest çykyşlary ýene dowam etdi we protestçileriň bir topary parlament binasynyň girelgesiniň öňüni böwetlediler.

Bu wakalaryň fonunda, Müsüriň günortasyndaky El-Karga şäherinde gurnalan protest çykyşlarynda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşykda 3 adamyň ölüp, 100 töweregi adamyň hem ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Müsüriň iň uly oppozisiýa topary hasaplanylýan «Musulman doganlygy» topary tä prezident Hosni Mübärek öz wezipesinden çekilýänçä öz protest çykyşlaryny bes etmejekdigini mälim etdi.

Müsüriň daşary işler ministri Ahmed Abul Geýt bolsa öz çykyşynda Hosni Mübärege garşy çykyşlar ýitileşen halatynda, harby güýçleriň «çäre görjekdigi» bilen duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG