Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Klinton Siriýanyň Internet boýunça ädimlerini makullady


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Siriýanyň häkimiýetleriniň bu ýurduň raýatlaryna käbir möhüm Internet saýtlaryna girmeklerine ýol açmaklaryny makullap çykyş etdi.

Hususan-da, ol Siriýanyň häkimiýetleriniň ýurduň raýatlarynyň internetdäki «Facebook» we «YouTube» ýaly sosial sahypalardan peýdalanyp bilmeklerine ýol açmaklarynyň oňyn ädimdigini belledi.

Siriýaly internet müşderileri 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek özlerine gönüden-göni bu saýtlara girmeklige ýol açylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG