Sepleriň elýeterliligi

German kansleri Merkel parlamentiň öňünde hasabat berer


Şu gün Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 2009-njy ýylda Owganystanda parahat ýaşaýjylaryň ölümine getiren howa hüjümi bilen baglanyşykly waka boýunça parlamentiň öňünde hasabat bilen çykyş eder diýlip garaşylýar.

Şol gürrüňi edilýän wakada talyp söweşijileriniň ogurlan iki sany ýangyç sisternasyna garşy nemes harbylarynyň atan raketa oklaryndan 142 adam ölüpdi.

Gunduz şäheriniň golaýynda amala aşyrylan şol howa hüjüminiň netijelerini ýaşyrmak synanyşygynda bildirilen aýyplamalar bilen baglanyşykly Germaniýanyň goranmak ministri we Baş ştabynyň komanduýuşisi wezipesinden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG