Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Prezident Berdimuhamedow Bahreýne sapar edýär


Carşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýne saparynyň ilkinji güni ýurduň patyşasy Hamad Bin Isa Al-Halif bilen özara gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň yzýany geçirilen dabarada Bahreýniň patyşasy Türkmenistanyň prezidentine «iki ýurduň özara dostlugyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine goşan uly şahsy goşandy» üçin ýurduň ýokary döwlet ordenini gowşurdy.

Bu wakanyň yzy bilen bolsa, Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryna degişli Düşünişmeklik memorandumlaryna hem-de ylalaşyklaryna gol çekilişlik dabarasy boldy.

Prezident G.Berdimuhamedowyň Bahreýne sapary şu gün ýene dowam edýär.
XS
SM
MD
LG