Sepleriň elýeterliligi

logo-print

2011-nji ýylda gurluşyga $7 milliard goýberiler


Prezident Berdimuhamedow 2010-njy ýylda eden çykyşynda ýakyn iki ýylda 23 milliard 600 million çemesi amerikan dollarynyň gurluşyklara harçlanjakdygyny yglan etdi.

Prezident Berdimuhamedow 2010-njy ýylda eden çykyşynda ýakyn iki ýylda 23 milliard 600 million çemesi amerikan dollarynyň gurluşyklara harçlanjakdygyny yglan etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji fewraldaky mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, 2011-nji ýylda gurluşyk işleri üçin 7 milliard amerikan dollary harçlanar.

Prezident gurluşyk işleriniň gerimini giňeltmek üçin gurluşyk toplumlarynyň dolandyrylyşynyň hilini ösdürmelidigini belledi we Aşgabat häkimliginde gurluşyklar barada ýörite edarany açmagy tabşyrdy. Bu edara ol ýa-da beýleki gurluşyklar barasynda ýerli we daşary ýurt gurluşyk kärhanalary üçin tenderler geçirer. Olar bilen degişli ylalaşyklara gol goýar. Ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bolsa täze edara bilen jaý ýa-da desgany gurmak barasynda ylalaşyklara gol goýarlar.

“Biz 2015-nji ýyla çenli umymy sermaýanyň 15 prosentini gurluşyk toplumyna ýatyrmagy göz öňünde tutýarys. Bu hem bize gurluşyk kompaniýalarynyň kuwwatyny, gurluşyk materiallarynyň bahasyny ösdürmäge we işine ussat gurluşykçylary taýýarlamaga mümkinçilik berer” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow 2010-njy ýylda eden çykyşynda ýakyn iki ýylda 23 milliard 600 million çemesi amerikan dollarynyň gurluşyklara harçlanjakdygyny yglan etdi. Geçen ýyl ulanylmaga berlen “Oguzkent” myhmanhanasynyň umumy bahasynyň 270 million ýewro deňdigini resmi metbugat ýazdy.

Iş we jaý üpjünçiligi

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanda gurluşyklaryň giň möçberde alnyp barylýandygyna garamazdan, ilatyň iş we ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi pes derejede alnyp barylýar. Täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy bolsa ilatyň aglaba bölegi üçin gymmat bolmagynda galýar.

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, 55 ýaşly zenanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň ýaşaýan etrabynda işsizlik ösen: “Bir öýde üç hojalyk bar bolsa, olardan diňe bir erkek adamynyň işi bar. Onsoň diňe aýal-gyzlar işlemeli bolýarlar. Olar bazara gitmeli, öýde tikin-çatyn etmeli”.

Lebap welaýatynyň häzirki Atamyrat, öňki Kerki etrabynda ýaşaýan Ogulbibi Gurbanowa bolsa gyzjagazy bilen atasynyň maşyn goýýan köne garažynda ýaşaýandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy: “2003-nji ýylda adamym bilen aýrylyşdym. Bir gyzym bar. Häzir atamyň köneje garažynda ýaşaýaryn”.

Milliardlarça pul gurluşyga

Türkmen mejlisiniň öňki deputaty, häzir Şwesiýada ýaşaýan oppozisioner Halmyrat Söýünowyň pikiriçe, Türkmen häkimiýetleriniň gurluşyklara milliardlarça dollar harçlamagynyň birnäçe sebäbi bar: “Türkmenistanda iň uly ogurlyk gurluşyklar arkaly edilýär. Gurluşyklara näçe pul harçalanandygyny, tehnika ulanylandygyny hasaplaýan adam ýok ýa-da olara gözegçilik edýän gurama ýok”.

“Ikinjiden, şol gurluşyklar kimlere berilýär. Olardaky ogurlygy hiç kim bilmesin diýip olary esasan, daşary ýurt şirketleri alyp barýarlar. Meselem, Fransiýanyň “Buig”, Türkiýäniň “Polimeks” we beýleki ululy-kiçili şirketleri alyp barýarlar” diýip, Söýünow aýdýar.

Söýünowyň pikiriçe, şol ýüz millionlar ilaty täze iş ýerleri bilen üpjün etmek we ýaşlary daşary ýurtlarda okatmak üçin harçlansa, örän ýerlikli bolardy.

ABŞ-da ýerleşýän “Gallup” edarasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşygyň netijesinden belli bolşuna görä, Türkmenistanyň ilatynyň 38 prosenti ýaşaýyş jaý üpjünçiligi boýunça dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG