Sepleriň elýeterliligi

Prezident Mubaregiň häkimiýetden gitmegi mümkin


Müsürdäki dowam edýän protestler bilen baglylykda Müsüriň harby güýçleri ýurduň telewideniýesi arkaly beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda “halky goramak üçin gerekli çäreleriň görüljekdigi” aýdylýar. Bu çäreleriň mazmuny barada entek maglumat gowuşmady.

Harbylaryň bu beýanatyndan öň, müsüriň premýer-ministri Ahmed Shafik prezident Mubaregiň häkimiýetden gidip biljekdigini aýtdy.

Eýýäm iki hepde töweregi wagt bäri müsürliler 82 ýaşly prezident Hosni Mubaregiň häkimiýetden gitmegini we syýasy reformalaryň geçirilmegini talap edip, portest geçirýärler.
XS
SM
MD
LG