Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamada azyndan alty adam öldi


Penşenbe güni Yragyň paýtagty Bagdadyň demirgazygynda ybadat edip ýören şaýy musulmanlarynyň ýanynda partlaýjy serişdeli ulag ýaryldy. Dujail şäherinde dörän bu partlamada azyndan alty adamyň ölendigi habar berilýär.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bu hüjümde başga-da 40 adam ýaralanypdyr.

Ybadatçylar şenbe güni geçiriljek dini çärä gatnaşmak üçin Samarra şäherine barýardylar.
XS
SM
MD
LG