Sepleriň elýeterliligi

Yaponiýa Orsýetiň Kurili eýelemegi bikanun diýýär


Orsýetiň soňky haýbatly ädimlerine garamazdan, Ýaponiýanyň daşary işler ministri Seiji Maehara dawaly Kuril adalaryna Orsýetiň eýe bolmagyna hiç hili kanuny esasyň ýokdugyny aýtdy.

Onuň bellemegine görä, “Orsýetiň öz ýolbaşçylaryny bu adalara ugratmagyna ýa-da adalaryň goranyşyny artdyrmagyna garamazdan, halkara kanunçylygyna laýykykda onuň bu adalary eýelemäge haky ýok”.

Bu adalar sowet goşunlary tarapyndan Ikinji jahan urşundan soň basylyp alnypdy.

Çarşenbe güni prezident Dmitriý Medwedew bu adalary Orsýetiň “aýrylmaz territoriýalary” diýip atlandyryp, adalaryň goragyny üpjün etmek üçin ol ýere goşmaça ýarag ugratjakdygyny aýtdy.

Penşenbe güni Seiji Maehara ykdysady hyzmatdaşlyk barada maslahat etmek üçin dört günlik sapar bilen Moskwa barýar. Duşuşykda dawaly adalar baradaky meseläniň hem gozgalmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG