Sepleriň elýeterliligi

Awtoritarizm global howp


Tunisli zenanlar ýüzüne “Hakimiýet halkyňkydyr” diýlip ýazylan diwaryň deňinden geçip barýarlar, 19-njy ýanwar, 2011-nji ýyl.

Tunisli zenanlar ýüzüne “Hakimiýet halkyňkydyr” diýlip ýazylan diwaryň deňinden geçip barýarlar, 19-njy ýanwar, 2011-nji ýyl.

Dünýäde näçe döwletiň hakykatdanam demokratik, näçesiniň bolsa awtoritar, totalitar döwletdigi hakynda anyk we kesgitli statistik maglumat ýok. Ýöne olaryň ikinjisiniň birinji topara girýän ýurtlardan az däldigini çaklamak bolar. Gep olaryň sanynda däl. ABŞ, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa ýaly döwletleriň güýjüniň demokratiýa esaslanýandygy üçin olaryň awtoritar, totalitar döwletlere öz täsirlerini ýetirmäge aýry-aýrylykda-da, BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi kimin guramalar arkaly-da mümkinçilikleri bar.

Awtoritarizmiň täsiri

Gürrüň bir döwletiň içerki işlerine goşulmaka barada däl. Ýöne hakykat ýüzünde bir adam ýa-da kiçijik topar tarapyndan diýdimzorluk bilen dolandyrylýan ýurtlarda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň düýpgöter basgylanmagyna göz ýummak ýa-da ysgynsyz reaksiýa bildirmek demokratik döwletlere gelşiksizliginden başga-da zyýanlydyr.

ABŞ-nyň prezidenti Obamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda dogry belleýşi ýaly, gaýry ýurtda abatlyk bolmasa, onuň ýaramaz täsiri demokratik döwletlere-de ýetýär. Onsoň adam hukuklaryny we azatlyklaryny äsgermezlik etmek bilen, öz ýurtlarynyň-da, beýleki ýurtlaryň-da asudalygyna wehim salýan ýolbaşçylar babatda çakdanaşa geçirimlilik, mylakatlylyk etmeklik adamzadyň, dünýäniň parahatçylykly ösüşine peýdaly bolmaz diýip kesgitli aýtmak mümkindir.

Demokaratiýanyň kerwenbaşysy ABŞ-da, Ýewropa döwletleri-de Afrika, arap ýurtlarynyň ençemesindäki, Gazagystandaky we Merkezi Aziýa respublikalaryndaky awtoritarlygy, totalitarlygy, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň aýakasty edilmegini kiçi dilden ýazgarýana meňzeýär. Olar, göwnüme bolmasa, şol ýurtlardaky hukuk bozulmalary aradan aýyrmak babatdaky işi halkara hukuk goraýjy guramalaryňky hasaplaýan ýaly. Ýöne halkara hukuk goraýjy guramalar özleriniň ägirt uly iş alyp barýandyklaryna garamazdan, demokratik döwletleriň goldawlary bolmazdan, ýagdaýy düzedip bilmezler.

Halk biçäredir

Elbetde, ähli günäni totalitar döwletleriň ilatynyň üstüne atyp, olaryň ýolbaşçylarynyň eden-etdiliklerinde halkyň özüni hem ýazgaryp bolar. Ýöne bu dogry däldir, hak-hukuksyz halk ähli häkimiýeti, güýç ulanyjy gulluklary, goşuny elinde jemleýän diktatoryň öňünde biçäredir. Şol diktatorlara daşyndan „tok” diýilmese, başartmaz. Muny biz göre-göre gelýäris.

Tunisde, Müsürde we beýleki döwletlerde diktatorlaryň şunça ýyllap döwlet başynda oturmagynyň, ahyrda-da halkyň aýaga galmagyna sebäp bolmagynyň, gan dökülmeginiň öňüni demokratik döwletler isleseler mundan onlarça ýyl ozal alyp bilerdiler. Munuň üçin öz döwletleriniň bähbidini araýandan bolup ýörmän, öz halkyny horlaýan diktatorlara gülüm-ýalym etmekden el çekmeli. Demokaratik döwletler Bakyýewiň awtoritar döwlet dolandyryşynyň öňüne wagtynda geçen bolsalar, gandöküşikli wakalar bolmasa-da bolmazdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisinde diýen ýaly döwlet baştutanlarynyň şahsyýet kulty pajarlap ösýär. Eger demokratik döwletler muňa garşy çykmasalar, erte bolmasa, birigün oňlulyga garaşyp bolarmy? Diktatorlar, tiranlar adamzada we adamkärçilige garşy hereket edýärler. Eýsem olara demokratik döwletlerden başga kim garaw görkezip biler? Bütin dünýäde demokratiýa ýol alsa, şonda adamzadyň bagty çüwer.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG