Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Araplar awtoritarizmi näletleýär


Kairiň Tahrir meýdançasyndaky protest mahaly, 9-njy fewral, 2011-nji ýanwar.
Kairiň Tahrir meýdançasyndaky protest mahaly, 9-njy fewral, 2011-nji ýanwar.
XXI asyryň ikinji on ýyllygynyň gelmegi arap dünýäsinde erkinlige, azatlyga bolan ymtylyşyň täze syýasy sahypasyny açdy. Bu ýurtlarda bolup geçýän wakalar 1989-1990-njy ýyllarda Gündogar Ýewropa döwletlerinde amala aşan syýasy sarsgyny ýada saldy. Şol döwürler hem ençeme syýasy guramalardyr döwletler sosialistik sistemasyndan azat bolmak üçin aýaga galan ýurtlara kän bir ynamlary-da bolmandy. Emma ony wagt subut etdi. Indi Gündogar Ýewropa döwletleriniň hemmesi diýen ýaly ösen demokratik döwletleriň hataryna goşuldylar.

Arap döwletleri öz syýasy taryhynda ençeme dartgynly pursatlary başyndan geçirdiler. Esasan hem häzir Müsürdäki wakalar diýseň köp müňkür pikirleri aradan aýyrdy. Eger Günbatar döwletleri arap dünýäsini syýasy ösüş ýolundan gaty yzda ýöreýändigini bellän bolsalar, onda ony awtoritarizm düzgüni bilen dolandyran we dolandyrýan prezidentler öz milletini dini radikalizm bilen aýyplaýardylar. Bu hem ösen demokratik döwletleriň arasynda howsala döredýärdi. Olar arap döwletlerinde adam hukuklarynyň bozulýanlygyna, saýlawlaryň demokratik usulda geçmeýänligine gözlerini ýumýardy.

Awtoritarizme we diktatura daýanyp, döwletlerini dolandyrýan ýolbaşçylar munuň üstesine Günbatar döwletlerini terrorizm bilen gorkuzýardylar. Ine, bu gorky diwarynyň soňuna ilki kiçijik Tunis, soňra araplaryň iň uly döwletleriniň biri Müsür öz ýönekeý halky, milleti bilen çykdy.

Köp bilermenler arap döwletlerinde bolup geçýän wakalary dünýä maliýe krizisiniň ýitileşmegi bilen düşündirýärdiler. Emma şeýle krizisler Ýewropanyň jümmüşinde Islandiýada, Ispaniýada, galyberse-de Gresiýada has hem ýiti bolup geçipdi. Emma muňa garamazdan, bu döwletlerde köçä çykan adamlar ýurtlaryndaky syýasy jemgyýeti üýtgetmäge çagyrmadylar. Olar öz hökümetlerinden aýlyklarynyň, pensiýalarynyň galdyrylmagyny isläpdiler.

Diktatorlaryň soňunyň başy

Müsürde we Tunisde köçä çykan adamlar ýurtlarynda onlarça ýyllap dowap edip duran diktatura garşy çykdylar. Käbir ösen döwletler bu çykyşlary goldamazlyga çagyrdylar. Olar prezident Hosni Mubaregiň wezipede oturmagynyň yslamçy güýçleriň öňünde böwet bolup durýanlygynda düşünýärler.

Şeýle pikirleri Ýewropa Bileleşiginiň käbir agzalary hem öňe sürýärdi. Olar täze asyryň täze on ýyllygynda diktatura režimleriniň synmagyndan çekinýärdiler. Dogry, diktaturalaryň synmagy dünýäde täze geosyýasy meseleleri orta çykarýar. Elbetde, şol meseleleriň aladasy şu günden edilmeli. Eger-de arap halkynyň azatlygy goldanmasa ýa-da onuň kyn gününde arka durulmasa, onda demokratiýa hakdaky taglymatlar boş söze öwrülýär.

Kairiň Tahrir meýdançasynda Mubaregiň diktaturasyna garşy duran märekäniň arasynda dürli dine uýýan adamlar bar.
Müsür wakalarynyň ýene bir täsin ýeri, ol hem Kairiň Tahrir meýdançasynda Mubaregiň diktaturasyna garşy duran märekäniň arasynda dürli dine uýýan adamlaryň bolmagydyr. Bu hem halkyň zorluk-süteme yglan eden göreşlerinde dini aýratynlygyň ýoklugynyň subutnamasydyr.

Ençeme günleriň dowamynda gidip duran gapma-garşylyk köp pikirleri orta atýar. Müsürli araplaryň gaýduwsyzlygy dünýäniň awtoritarizm režimlerine uly howp abandyrýar. Syýasy dil bilen aýdanymyzda, “dominonyň prinsipleri” beýleki awtoritar döwletlere-de täsirini ýetirip bilmegi mümkin.

Araplaryň bu eden sanjymy XXI asyrda 20-30 ýyllap kürsüde oturjak diktatorlaryň soňunyň başy boldy. Eger Owganystana, Yraga “demokratiýa daşyndan zorluk bilen getirilýär” diýip gygyryp gelseler-de, bu günler araplaryň dünýä beren sapagy şu taglymaty inkär etdi. Olar demokratiýany özleriniň isleýändiklerini öz hereketleri bilen subut etdiler. Bu hereketem täze eýýamyň täze sahypasyny açdy.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG