Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain çinownikleri arzan ulag münmeli bolarlar


Penşenbe güni Ukrainanyň prezident administrasiýasynyň iş dolandyryjysy Serghiý Lýowiçkin prezident Wiktor Ýanukowiçiň karary bilen indi hökümet çinownikleriniň gymmatbaha döwlet ulaglarynyň arzan ulaglar bilen çalşyrylýandygyny aýtdy.

Serghiý Lýowiçkiniň aýtmagyna görä, bu çäreler döwlet serişdelerini tygşytlamak çäreleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.

Ýöne ol häzirki wagt ukrain çinownikleriniň elinden näçe ulagyň alnandygy we näçe puluň tygşytlanandygy barada anyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG