Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistandaky partlamada 27 esger heläk boldy


Penşenbe güni Pakistanyň polisiýasy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Mardan atly şäherçesinde mekdep okuwçysynyň geýimindäki bir ýetginjegiň özüne berkidilgi bombany partlatmagy netijesinde azyndan 27 sany esgeriň ölüp, ýene 40 töweregi esgeriň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, janyndan geçen ýetginjek bu partlamany esgerleriň harby türgenleşik geçýän bir lagerinde amala aşyrypdyr.

Bu wakanyň yzy bilen Pakistandaky talyp söweşijileri bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp, maglumat ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG