Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda opposioneriň aklawçysyna basyş edilýär


Belarusda tussaglykda saklanýan ozalky prezidentlige kandidat Ales Mihalewiçiň aklawçysy Aleh Aheýu düýn ýurduň Döwlet howpsuzlyk komitetiniň işgärleriniň öz iş ofisini dökendiklerini habar berdi.

Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aklawçy Aleh Aheýu organ işgärleriniň barlag geçirmek barada orderlerini görkezip, özüniň professional işine degişli ähli dokumentlerini, şol sanda türmedäki Ales Mihalewiçiň işine degişli dokumentleri-de dörendiklerini we gözden geçirendiklerini aýtdy.

Aklawçy Aleh Aheýunyň aýtmagyna görä, Belarusyň organ işgärleri bu derňewleriň sebäbini oňa asla düşündirmändirler.
XS
SM
MD
LG