Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň milli habar agentliginiň başlygy wezipesinden boş


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa ýurduň käbir dawalara sebäp bolup gelýän «Kabar» atly milli habar agentliginiň başlygy Jyrgalbek Turdukoýewi wezipesinden boşatdy.

Prezidentiň metbugat sekretary onuň başga wezipä bellenendigini tassyklasa-da, Jyrgalbek Turdukoýewiň nähili wezipä bellenendigi barada anyk maglumat alynmady.

Ýakynda, 21-nji ýanwarda Gyrgyzystanyň bu habar agentliginiň işgärleri Jyrgalbek Turdukoýewiň wezipesinden boşadylmagyny talap edip, piket geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG