Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarek öz ygtyýarlyklaryny wise-prezidente geçirdi


Öten agşam Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek ýurduň halkyna eden ýüzlenmesinde özüniň prezidentlik wezipesinde galýandygyny, ýöne öz ygtyýarlyklarynyň belli bir bölegini wise-prezident Omar Süleýmana geçirýändigini yglan etdi.

«Men Müsüriň häzirki krizisi ýeňip geçjekdigini we onuň synmajakdygyny gaty gowy bilýärin. Ol öz aýagynyň üstüne ýene dikeler» diýip, Hosni Mubarek öz çykyşynda nygtady.

Şeýle hem, ol özüniň 30 ýyl dowam eden häkimiýetiniň tamamlanmak prosesiniň we syýasy geçiş prosesiniň şu ýylyň sentýabryna çenli amala aşjakdygyny aýtdy.

Hosni Mubarek sentýabra çenli döwrüň içinde geljekki saýlawlary we geçiş prosesini üpjün etmek üçin ýurduň konstitusiýasyna wada berlen üýtgetmeleriň hem giriziljekdigini belledi.

Hosni Mubaregiň bu çykyşyna Kairiň merkezine ýygnanan müňlerçe protestçiler has-da gazaply reaksiýa bildirip, onuň haýdan-haý wezipesinden çekilmegine talap edip, gygyryşdylar.

Bu wakanyň fonunda öten agşam Müsüriň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Sameh Şoukri CNN telewideniýesine beren interwýusynda, hakykat ýüzünde, Hosni Mubaregiň indi özüniň ähli ygtyýarlyklaryny wise-prezident Omar Süleýmana geçirendigini aýtdy.

Ýagny, ol kagyz ýüzünde Hosni Mubarek prezident hasaplanylsa-da, iş üzünde indi Omar Süleýmanyň prezidentdigini belledi.
XS
SM
MD
LG