Sepleriň elýeterliligi

Berluskoni dawalaryň obýektine öwrüldi


Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni Rimdäki metbugat konferensiýasynda, 9-njy fewral, 2011-nji ýyl.

Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni Rimdäki metbugat konferensiýasynda, 9-njy fewral, 2011-nji ýyl.

Soňky günler Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni kämillik ýaşyna ýetmedik gyz bilen jynsy gatnaşykda bolanlykda bildirilýän aýyplamalar bilen baglanyşykly uly dawalaryň obýektine öwrüldi.


Milanyň sülçüleri 9-njy fewralda bu iş bilen baglanyşykly resmi ýagdaýda S.Berluskonä garşy haýdan-haý sud diňlenişiginiň açylmagyny sorap, suda ýüz tutdular.

Italiýanyň premýer-ministrine asly marokkaly 17 ýaşly Rubi atly gyza pul töläp, onuň bilen jynsy gatnaşykda bolanlykda aýyplama bildirilýär.

Mundan daşary, Silwio Berluskoni gijeki klubda tansçy bolup işleýän bu gyz polisiýa tarapyndan tussag edilende, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, ony tussag izolýatoryndan boşatdyranlykda hem aýyplanylýar.

Indi Berluskoniniň işi boýunça sud-derňew işiniň açylyp-açylmazlygy Milanyň sudunyň sudýasyna bagly bolup dur.

Prokuraturanyň suda ýüzlenen güni Silwio Berluskoni bu wakany öz hökümetini abraýdan gaçyrmak üçin bilkastlaýyn edilýän iş hökmünde häsiýetlendirip çykyş etdi: «Sud işini açmak baradaky bu zatlar galp zatlar, bildirilýän aýyplamalarda-da hiç hili esas ýok. Olaryň hökümete garşy ýaramaz media kampaniýasyny alyp barýandyklaryny hemmeler görüp otyr».

Subutnama barmy?

Milanyň prokuraturasynyň sülçüleri S.Berluskonä garşy deslapky sud seljermelerini geçirip durman, ony gönüden-göni sud edip başlamak üçin ýeterlik subutnamalaryň hem bardygyny aýdýarlar.

Eger sülçüleriň bu baradaky haýyşy sudýa tarapyndan kanagatlandyrylsa, onda Italiýanyň 74 ýaşly premýer-ministrine garşy sud prosesiniň ýakyn birnäçe aýyň içinde başlamagy-da mümkin.

Premýer-ministr Silwio Berluskoni özüne garşy bildirilýän iki jenaýat aýyplamasynyň islendik biri boýunça günäli tapylan halatynda, oňa türme tussaglygy berlip bilinýär.

“Biz beýle zat etmedik”

Berluskoniniň özi-de, onuň bilen jynsy gatnaşykda boldy diýilýän Rubi-de özara jynsy gatnaşygyň bolandygyny inkär edýärler. Rubi S.Berluskoniniň willasyndaky üýşmeleňde bolandan soňra, diňe Berluskoniden pul alandygyny aýdýar.

Beýleki bir aýyplama boýunça S.Berluskoni, elbetde, özüniň ol gyzy polisiýanyň tussag izolýatoryndan boşatdyrandygyny boýun alýar. Emma ol şol wagt bu gyzyň Müsüriň prezidenti Hosni Mubaregiň ýegenidigine ynanandygy üçin, bolaýmagy mümkin diplomatik masgaraçylygyň öňüni almak maksady bilen şeýle hereket edendigini öňe sürýär.

Italiýanyň ilatynyň arasynda geçirilen soňky pikir soraýyşlyklar bu ýüze çykan dawalar sebäpli Silwio Berluskoniniň ilat arasyndaky abraýynyň ep-esli pese gaçandygyny görkezýär.

Has ‘akylly’

Emma, beýleki tarapdan, Berluskoniniň hereketinde çynlakaý bir alada bildirer ýaly zadyň ýokdugyny aýdýanlar-da az däl. Şolardan biri rimli biznesmen Gianfranko Zulli: «Berluskoni öz edýän işini halaýar. Ýöne ol bu işi köpsany beýleki adamlaryň edişi ýaly, birneme akyllyrak etmeli» diýýär.

Geçen aý Italiýanyň Konstitusion sudy premýer-ministre garşy jenaýat işiniň gozgalmagyna ýol bermeýän ozalky kanuna üýtgetme girizip, bu meseläni islendik bir sudýanyň öz ygtyýaryna bagly edip goýdy.

Kanuna girizilen bu soňky üýtgetme premýer-ministr Silwio Berluskonä garşy korrupsiýa we salgyt galplyklary bilen bagly ozaldan bäri saklanyp duran üç sany jenaýat-derňew işiniň täzeden ýola goýulmagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG