Sepleriň elýeterliligi

Talyplaryň jenaýaty ýolbaşçylaryň başyna ýetdi


Ministrler Kabinetiniň bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary Hydyr Muhammetberdiýewiç Saparlyýewi wezipesinden boşadyldy, 11-nji fewral.

Ministrler Kabinetiniň bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary Hydyr Muhammetberdiýewiç Saparlyýewi wezipesinden boşadyldy, 11-nji fewral.

11-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň bilim ulgamynda birnäçe ýolbaşçylary wezipeden boşatdy.

Prezidentiň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmen politehniki institutynyň rektory Ý.Möwlamow, şol institutyň okuw işleri boýunça prorektory Ç.Jelilow, Türkmenistanyň Bilim ministriniň ýokary we orta hünärment mekdepler boýunça orunbasary G.Durdyýew wezipelerinden boşadyldylar.
.
Bu ýolbaşçylaryň wezipeden boşadylmagyny Berdimuhamedow Türkmen politehniki institutynda ýaramaz wakanyň bolup geçenligi bilen düşündirdi.

Politehniki institutda näme boldy?

Prezidentiň ýaramaz diýip atlandyrýan wakasynyň takyk näme wakadygy resmi aýdylmasa-da, Türkmen politehniki institutynda ýakynda ýüz beren pajyga tutuş şähere bireýýäm dolupdy.

Politehniki institutyň üç sany talybynyň serhoş ýagdaýda üç gyzy zorlap, soňundanam olaryň janlaryna kast edendiklerini, olaryň biriniň bolsa ganhorlaryň elinden aman galmagy başarandygy barada habar berilýär.

Häzirki wagtda ganhor talyplaryň tussag astyna alnyp, olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy barada aýdylýar.

Politehniki institutda ýüz beren waka 2007-nji ýyldan bäri Ministrler Kabinetiniň bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary Hydyr Muhammetberdiýewiç Saparlyýewi wezipesinden boşatmaga sebäp boldy.

Wise-premýer rektor boldy

Politehniki institutyň geljekde täze bina göçüp barjakdygyny mälim etmek bilen Berdimuhamedow täze binalarda okuwlary kadaly we talaba laýyk ýola goýmak üçin köp sanly guramaçylyk işlerini geçirmegiň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda prezident Saparlyýewiň bilim ulgamynda uzak wagtdan bäri işläp gelýändigini we bu ugurda uly tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ony Türkmen politehniki institutynyň rektory wezipesine belleýändigini aýan etdi we başga işe geçýändigi sebäpli, ony Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Wise-premýer Gurbanmyrat Amangulyýewiç Mezilow, 11-nji fewral.
Ministrler Kabinetiniň bilim, saglygy goraýyş, sport, syýasatçylyk we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasaryň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeklik prezidentiň gol çeken buýrugyna laýyklykda wise-premýer Gurbanmyrat Amangulyýewiç Mezilowyň üstüne ýüklenildi.

Geçen ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti G.Mezilowy Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläninde Berdimuhamedow onuň borjy ýurtda düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barmakdan, olaryň täze ugurlaryny ösdürmekden, alnyp barylýan ähli ylmy işlere ýolbaşçylyk etmek we olary utgaşdyrmakdan ybarat bolmalydyr diýip kesgitläpdi.

Şol mejlisde Berdimuhamedow H.Saparlyýewe özüniň alyp barýan ulgamynyň işlerini öňküsi ýaly alyp barmagyna ygtyýar berse-de, köpler ýakyn wagtda Mezilowyň Saparlyýewiň ýerine geçäýmek ähtimallygynyň bardygyny öňe sürüpdiler.

Ýurtda tölegli ýokary okuw mekdeplerini açmak baradaky pikirler 2008-nji ýyldan bäri öňe sürlüp gelýän-de bolsa, bu iş ýüzünde häli-häzire çenli amala aşyrylman gelinýär. Ministrler Kabinetiniň bilim ulgamyna jogap berýän orunbasarynyň üýtgemeginiň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilmek islenilýän bu reformalara öz täsirini näderejede ýetirjekdigi heniz anyk däl.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG