Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň oppozision partiýasy saýlawlara gatnaşmaýar


Gazagystanyň oppozisiýadaky Azat partiýasy ýurduň aprelde geçjek irki saýlawlaryny boýkot etmekçidigini aýdýar. Bu saýlawda uzak wagtlyk prezident N.Nazarbaewiň ýeňjeginiň ikuçsyzdygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Azat Sosial Demokratik partiýasynyň agzalarynyň şenbe güni Bulat Abilowi oppozision partiýanyň egindeş başlyklygyna saýlandyklaryny aýdýar.

Abilow aprel aýynda geçiriljek saýlawlara çenli netijeli oppozisiýa kampaniýalaryny gurnamaga ýeterlik wagt galmandygyny aýtdy.

Nazarbaýew şu aýyň başynda, öz prezidentlik möhletini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak barada geçirilmeli referendum ret edilenden soň, garaşylmadyk ýerden saýlawlary wagtyndan ir geçirmek barada karar çykardy.

70 ýaşly Nazarbaýew öz wezipesini 1990-njy ýyldan bäri saklap otyr we prezident saýlawlaryna çäklendirilmezden gatnaşyp bilýär.
XS
SM
MD
LG