Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda wise-premýer rektorluga geçirildi


Hydyr Saparlyýew Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasarlygyndan aýrylyp, Türkmen politehniki institutyna rektor bellendi.

TDH 11-nji fewralda geçirilen hökümet maslahaty baradaky habarynda döwlet baştutanynyň Türkmen politehniki institutynda örän gynançly, ýaramaz wakanyň bolup geçendigini aýdandygyny ýazýar.

Prezident Berdimuhamedowyň gol çeken kararlaryna görä, bu waka sebäpli Bilim ministriniň orunbasary G.Durdyýew, Türkmen politehniki institutynyň rektory Ý.Möwlamow, şol okuw jaýynyň prorektory G.Jelilow wezipesinden boşadyldy, wise-premýer B. Hojamuhammedowa hem duýdyryş berildi.

Türkmen metbugaty Türkmen politehniki institutynda boldy diýilýän «gynançly, ýaramaz waka» barada anyk habar bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýakynda Politehniki institutyň üç sany talybynyň serhoş ýagdaýda üç gyzy zorlap, soňundanam olaryň janlaryna kast edendiklerini, olaryň biriniň bolsa ganhorlaryň elinden aman galmagy başarandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG