Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Nurlyýewiň işi boýunça garaşsyz derňewe çagyrýar


“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Reýçel Denber prezident G.Berdimuhamedowa hat bilen ýüzlendi.

Ol hatda maryly pastor Ilmyrat Nurlyýewiň hukuklarynyň bozulan bolmagyndan alada bildirilýär.

Nurlyýew 2010-njy ýylyň oktýabrynda, kezzaplykda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edildi.

“Human Rights Watch” Nurlyýewiň işiniň ony dini jemgyýetiň başlyklygyndan aýyrmak üçin galplaşdyrylan bolmagynyň ahmaldygyny öňe süýär. Ol muny bu jemgyýetiň agzalaryna soňky dört ýylda edilen basyş faktlarynyň hem tassyklaýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG