Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý bilen Orsýet Müsüriň asudalygyna alada bildirýär


Günbatar liderleri Müsüriň uzak wagtlyk lideri Hosni Mubaregiň iş başyndan aýrylmagyny gutlasalar, Hytaý bilen Orsýet arap dünýäsiniň iň gür ilatly ýurdunyň durnuklylygy barada alada bildirdiler.

Hytaý metbugaty Mubaregiň häkimiýetden çetleşdirilişi barada, bir gazetiň baş makalasynda «Ýurt baş-başdaklygyň pidasy bolsa, Müsüriň syýasy özgerişliginiň manysy bolmaz» diýip, diňe ýüzleý maglumat bermek bilen çäklendi.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bolsa şenbe güni Müsüri kanun esasynda saýlaw geçirmäge we din azatlygy hukuklaryny hormatlamaga çagyrdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda bolsa müsürlileriň ýurduň geçiş pursatynda zorluga ýüz urmazlygyna çagyrylýar we ýurduň gelejegi kesgitlenýän mahaly daşarky täsirlerden äge bolmalydygy duýdurylýar.
XS
SM
MD
LG